Ahalteke atçylygynda möhüm möwsüm

30 Maý 2024
256

Ahalteke atlarynyň juda gadymy taryhy bar. Şeýle-de bolsa, ahalteke atlarymyzy ylmy taýdan öwrenmek işi 1920-nji ýyllarda başlanýar. Ylmy taýdan öwrenmegiň maksady ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny saklamak bolup durýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde tohum atlaryň diňe üçüsi — ahalteke, arap we iňlis atlary arassa ganlylygyny saklamak arkaly köpeldilýär.

Atçylykda atlaryň tohum arassalygyny saklamak, baş sanyny artdyrmak hem-de ýeterlik mukdarda köp, sagdyn taýlary almak we ösdürip ýetişdirmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin her bir ene baýtaldan ýylda bir taý almaga çalşylýar. Baýtalyň gulunlamazyndan has öň aladasy edilmelidir. Şonda ene baýtalyň bogazlygyny ýa-da gysyrlygyny kesgitlemek aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Çünki gysyr baýtallary öz wagtynda ýüze çykarmak ony gaýtadan höwre goýmaga mümkinçilik berýär.

Maksat GARÝAGDYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar