Zenan mertebesini sarpalap

29 Maý 2024
252

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň jemgyýetimizdäki orunlarynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň adynyň dünýä ýaýylmagynda lebzihalal, watansöýüji, zähmetsöýer, ile-ýurda wepaly, kämil pikirli, belent ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde eziz enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty uludyr. Maşgaladaky agzybirligiň we rowaçlygyň açary zenanlarymyzyň, ýagny mährem enelerimiziň elindedir. Türkmen zenanlaryny dünýä nusgalyk ajaýyp gylyk-häsiýetleri bezeýär. Salyhatlylyk, edeplilik, wepalylyk, kanagatlylyk, dogruçyllyk, halallyk — türkmen zenanyna mahsus bolan bu häsiýetler ene-mamalarymyzdan nesilme-nesil geçip gelýär. Özüniň zähmetsöýerligi, ýiti zehini bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp türkmen halylarynyň şan-şöhratyny äleme dolduran zenanlara ata-babalarymyz hem uly sarpa goýupdyrlar.

Türkmenistanda aýallaryň we erkekleriň deňlik ýörelgeleri ýurduň hukuk ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar we ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Konstitusion ýörelgelere esaslanyp, şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanda gender ugurly işjeň milli syýasat durmuşa geçirilýär. Erkekler we aýallar üçin deň hukuklar we mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adam hukuklary boýunça halkara konwensiýalarynyň we jarnamalarynyň, şol sanda aýallaryň hukuklary babatda esasy düzgünleri öz içine almak bilen, olaryň hukuklarynyň goldanylmagyna we geljekde hem ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe goşmaça hukuklary berkidýär.

Gülsenem HANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar