Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek maksadyndan ugur alyp

29 Maý 2024
273

Aşgabat, 28-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Beýleki habarlar