Akyldaryň şygryýetinde ynsan duýgularynyň şöhlelenişi

29 Maý 2024
192

Ibrahim Mustafa Al-Hamad,
Yragyň Tekrit uniwersitetiniň professory.

Söýgi adamzada mälim bolan iň ýokary duýgudyr. Şeýle bolansoň, Gegel ony gymmatlyklary döretmegiň binýady hasaplaýar. Onuň pikirine görä, söýgi üstünlikleriň esasyny hem emele getirýär. Şonuň üçin hem şu makalamyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň söýgi temasyndaky goşgulary we onuň şöhlelenişi barada söz açmagy makul bildik. Çünki ol söýgä ylahy huzura çykmagyň basgançagy hökmünde garaýan sopy şahyrdyr. Muňa garamazdan, onuň söýgüsiniň dürli röwüşlere eýedigini hem ýatdan çykarmaly däldiris. Akyldaryň Meňlä bolan yşky bolsa munuň iň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle yşky beýan edýän eserler sopuçylyk äheňinde ýazylan şahyrana eserleriň bir görnüşi bolup, ondan öň bu däbe Hallaç, Muhýiddin Ibn Arabi, Ferideddin Attar, Gazaly we başga-da birnäçe arap sopulary eýeripdir. Şahyr munuň üsti bilen tükeniksiz ylahy söýgä ýetýär. Oňa bolsa «şaýatlaryň birligi» diýilýär. Bu öz söýgüli ýaryny hem gurşap alýan ähli bar bolan zatlar Ýaradanyň bardygyny alamatlandyrýar diýildigidir.

Beýleki habarlar