Ýaponiýada 6G ulgamynda maglumatlary 100 Gbit/с tizlik bilen geçirdiler

28 Maý 2024
205

Ýaponiýadaky kompaniýalar topary altynjy nesil öýjükli aragatnaşyk ulgamlary üçin dünýäde ilkinji ýokary tizlikli sim geçirijisiz ulgamyň synagyny amala aşyrdy.

Olar 100 metr belentlikde 90 metr aralyga maglumatlary 100 Gbit/с tizlik bilen geçirmegi başardylar. Munuň özi ykjam aragatnaşygyň bäşinji nesli üçin iň ýokary görkezijiden hem 10 esse uludyr. Meselem, şeýle tizlik şol bir wagtyň özünde HD formatyndaky 5 filmi bir sekuntda geçirmäge mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar