Ilon Maskyň «xAI» emeli aň kompaniýasy superkompýuter gurar

28 Maý 2024
203

Amerikaly işewür Ilon Maskyň eýeçiligindäki «xAI» kompaniýasy özüniň «Grok» atly emeli aň botunyň işlemegini üpjün etmek üçin şahsy kompýuterini gurmagy maksat edinýär. Milliarder bu barada ýakynda maýadarlar bilen bolan duşuşygynda habar berdi.

Superkompýuteriň indiki ýylyň güýzünde iş girizilmegine garaşylýar. Enjamda emeli aň ulgamynda ulanylýan maglumaty gaýtadan işleýiş merkezleriniň çipleri üçin bazarda öňdebaryjy orny eýeleýän N«vidia H100» tizlendirijileri ulanylar.

Beýleki habarlar