Sanly bilimde özara hyzmatdaşlyk

27 Maý 2024
247

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesle dünýä derejesinde bilim we terbiýe bermek bilen baglanyşykly tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, orta hünär okuw mekdeplerinde hem okatmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny işjeň peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär.

Orta hünär okuw mekdeplerinde okuw-usuly işleriniň alnyp barlyşyny, resminamalaryň ýöredilişini kämilleşdirmek maksady bilen, ugurdaş ýokary okuw mekdepler bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen şeýle hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu babatda bilelikde guralýan okuw-usuly maslahatlara uly orun degişlidir. Golaýda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň hünärmenleri bilen geçirilen okuw-usuly maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak, uzak aralykdan okatmagyň usulyýeti, programma üpjünçiligi, «Moodle» bilim portalynyň işleýşi we aýratynlyklary, tebigy, taryhy we medeni ýadygärlikleri fotogrammetriýanyň esasynda VR we AR görnüşlerde öwrenmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem maslahatyň dowamynda sanly bilimiň mümkinçilikleri hem-de olardan peýdalanmagyň usulyýet esaslary bilen baglanyşykly sowal-jogap görnüşinde pikir alyşmalar boldy.

Aýbölek BERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar