Türkmenistan — GDA hyzmatdaşlygy: tagallalary birleşdirmegiň täze tapgyry

27 Maý 2024
149

Türkmenistan — GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary, umuman, Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň berk binýadynda ýola goýup, GDA-nyň formatyndaky möhüm duşuşyklara we forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle-de olaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Ýurdumyz döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda yzygiderli ädimleri ädýär, anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şu jähetden, 24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ ÝURTLARYNYŇ PREMÝER-MINISTRLERINI KABUL ETDI

«Nesil».
Beýleki habarlar