Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

27 Maý 2024
292

22-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Reinis Trokşa bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeýändigini hem-de bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy.
Beýleki habarlar