Älem sazlaşygynyň nepis nusgasy

24 Maý 2024
328

Türkmeniň halyçylyk sungaty gözbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýar. Ol halkymyzyň gelip çykyşy, ösüş taryhy we ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşykly öwüşginleri özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň ýiti zehininden, ýadawsyz zähmetinden kemala gelen nepis halylarymyz bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Halyçylyk sungaty halkymyzyň dünýägaraýşyny, geçmiş taryhyny, häzirki döwrüne buýsanjyny we nurana geljek baradaky ajaýyp arzuwyny özünde jemleýär. Sünnälik bilen dokalýan haly gölleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde çuňňur many bar. Ol türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrmak bilen, bu nyşanlar ajaýyplyga gyzyklanmalary äşgär edýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Türkmen halysynyň milli muzeýinde gadymy hem häzirki zaman halylarynyň mynasyp orun almagy daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylary, jahankeşdeleri haýran galdyrýar. Türkmen halylaryny öwrenen rus alymy S.Dudin nepis milli sungatymyzyň ajaýyp nusgalarynyň jahanda iň gadymy haly eserleri bolup durýandygyny bellemek bilen, olaryň meşhur pars halylaryndan has irki döwürde peýda bolandygy we türkmen halyçylygynyň öz ýoly bilen kämilleşendigi baradaky pikiri öňe sürýär.

Laçyn SAHATOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar