Milletiň milli mirasy

23 Maý 2024
255

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürýän, äleme meşhur halylary dokaýan halyçylarymyza döwletimiz tarapyndan uly hormat goýulýar.

Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk günlerinde halyçylyk sungatymyzyň baý öwüşginleriniň çuň manysyny açýan halkara maslahatlaryň, sergileriň geçirilmegi, ýurdumyzyň ussat halyçylaryna hormatly atlaryň dakylyp, döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy Arkadagly eýýamymyzyň asylly däbine öwrüldi.

Tyllanur ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar