Çowdur nagyşlary

22 Maý 2024
307

Türkmeniň çowdur taýpasyna degişli nagyşlary, esasan, başgaplar bolan tahýalarda, çagalaryň geýýän topbularynda görmek bolýar. «Börük» ýa-da «topby» diýlip atlandyrylýan çagalaryň gulakjynyna «goçbuýnuz» nagşynyň ýarty görnüşi keşdelenip, tolkun (egrem) alaja nagşy bilen aralary bölünip edilýär. Olar, esasan, el işiniň ilme görnüşini ulanypdyrlar. Topbularyň bu görnüşi öň 5 — 9 ýaşyndaky çagalara geýdirilende alaja edilip, düwmejikler dakylypdyr. Häzirki görnüşinde-de şeýle etseň has owadan, göze gelüwli görünýär. Çowdur nagyşlary keşdelenende, töweregine jähek salnanda, esasan, ýaşyl reňkli sapaklar köp ulanylypdyr. Topbynyň maňlaý tarapy 3,5 sm edip çykarylyp, gulaklyklarynyň üçburç görnüşinde alynmagynyň sebäbi çagalaryň gulaklaryny sowukdan goramak üçindir. Topbulara, tahýalara her dürli çowdur nagyşlary, alaja, mekany, guşgözi, okgözi we ş.m nagyşlar tikilipdir. Oguz hanyň agtygy Çowduryň tagmasyna çalym edýän nagyşlara gelin-gyzlaryň beýleki el işlerinde hem duş gelmek bolýar.

Çynar ANNAÝEWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň medeni aň-bilim we usulyýet işleri bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar