Myhmanlar Arkadag şäheri bilen tanyşdylar

20 Maý 2024
362

Geçen hepdede «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda birnäçe iri çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dünýäniň ençeme ýurtlaryndan ýokary derejeli myhmanlar, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, suratkeşler, režissýorlar, magtymgulyşynaslar bu köpugurly çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldiler we söz ussadyna ýurdumyzda goýulýan belent sarpa, onuň ýubileý senesiniň çägindäki giň gerimli işlere ýakyndan şaýat boldular.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahata, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjylaryň sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri bilen tanyşlygy many-mazmuna baý boldy. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde bina edilen täze, döwrebap şäheriň ekologik taýdan arassa, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna esaslanýan medeni-durmuş maksatly desgalary, ýaşaýjylar üçin döredilen oňaýly mümkinçilikler myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.
Beýleki habarlar