Berkararlygyň sarsmaz sütüni

18 Maý 2024
1573

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze ösüş taryhynyň kepili, ilkinji we hemişelik nyşanlary bolan Konstitusiýamyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň ruhlandyryjy güýji mähriban halkymyzy şan-şöhratly ýol bilen öňe — ajaýyp geljege alyp barýar. Döwletliligiň baş alamatlary bolan Konstitusiýamyz, ýaşyl tugumyz ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr.

Konstitusiýa sözi «constitutio» diýen latyn sözden emele gelip, «gurmak, dikeltmek, döretmek» diýen manylary aňladýar. Hut şu jähetden alanyňda hem Türkmenistanyň taryhy döwri döwletliligiň, jemgyýetimiziň gurluşynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän Konstitusiýamyzyň ornuny, ähmiýetini has aýdyň ýüze çykardy. Halkyň paýhasyny, geljege ymtylyşlaryny ýüze çykarmagyň, goldamagyň, kanunlar bilen berkitmegiň esasy bolan Konstitusiýamyz ýurdy ösdürmegiň taryhy ýollaryny salgy berýän baş ýörelgämiz bolsa, Döwlet baýdagymyz hemme ugurlarda üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýan köňül buýsanjymyzdyr.

Ýusupguly EŞŞÄÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar