Guramalar

15 Maý 2024
236

Türkmen gelin-gyzlarynyň mähir-yhlasyndan döreýän el işleriniň arasynda guramalar hem owadanlygy, hem inçeligi bilen tapawutlanýar. Dürli mata böleklerinden birleşdirilip tikilmegi we umumy sazlaşykly şekiliň, nagşyň döredilmegi guramalaryň esasy aýratynlygy bolup durýar.

Halkyň arasynda guramaly eşikler, öý goşlary adamy gözden-dilden goraýar diýlen ynançlar bar. Guramany gurap başlamazdan öňürti dürli şekillerde deň ululykdaky mata bölekleri jemlenilýär. Soňra olary biri-birine gabat geler ýaly edip tikmeli. Guramadan dürli egin-eşikler, düýebaşlyk, kürtekçe, ululy-kiçili torbalar, elbukja, tuty, ýorgandyr ýassykdaşlar, ýandüşekçeler taýýarlanylýar.

Jeren HOJANAZAROWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar