Daşary ýurt dillerini öwrenmekde döwrebap mümkinçilikler

10 Maý 2024
122

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän maksatnamalar öňe sürülýär. Watansöýüji, halal, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän ylym-bilim babatdaky resminamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkidýär. Şeýle maksatnamalaryň biri-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasydyr”.

Jennet DURDYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar