Okuwçylara nusgawy edebiýaty öwretmek

12 Maý 2024
366

Edebiýat dersinden guralýan sapaklaryň täsirli bolmagy üçin görkezme esbaplarynyň ähmiýeti has uludyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we goşgulary bilen bagly temalary geçenimde multimedia tagtasyndan giňden peýdalanýaryn. Şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bütin adamzat neslini watansöýüjilige, agzybirlige, adamkärçilige, mertlige, halallyga, myhmansöýerlige, ula-kiçä hormat goýmaga, asyllylyga çagyrýar. Okuwçylara akyldar şahyryň goşgularynyň manysyny düşündirmek üçin her bir setiriň üstünde aýratyn durup geçýärin. Akyldar şahyrymyzyň edep-terbiýe beriji goşgularynyň bütin ynsanyýet üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup hyzmat edýändigini okuwçylara düşündirýärin. Ynsany bezeýän häsiýetler onuň şirin dilliligi, hoşsözlüligi, aýdýan sözüniň manysyna ýetip geplemegi, her bir sözüniň yzynda durmagy ýaly häsiýetlerdir. Okuwçylara Magtymgulynyň goşgularynda ynsanyň şeýle gowy häsiýetleri dogrusynda aýratyn bellenilýändigini aýdýaryn.

Şahyryň şygyrlarynda manysyny düşündirmegi talap edýän sözleri okuwçylaryň sözlük depderine bellik etdirýärin we manysyny öwredýärin. Esasy temadan, öý işinden daşary şahyryň şygyrlaryndan ýat tutmagy okuwçylara tabşyrýaryn. Munuň çaganyň aňynyň ösmegine we şahyryň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilmeklerine täsiri diýseň uludyr. Okuwçylar bilen sorag-jogap guramak hem örän täsirlidir. Şonuň üçin okuwçylardan Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan öwrenýändikleri barada soraýaryn. Olar öz ýatdan bilýän goşgularyny aýdyp berýärler. Bu hem ýaş nesliň ýatkeşliginiň ösmegine ýardam edýär. Goşgularyň çuňňur many-mazmuny ýaşlaryň pikirlenişini ösdürýär.

Maýagözel NEDIROWA,
Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar