Suw syýasaty: abadan ýaşaýyş ugrunda tagallalar

11 Maý 2024
553

Häzirki döwürde suw hojalygynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga ylmyň gazananlaryny, ekologik taýdan arassa suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. 8-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga ukyply desganyň işe girizilmegi hem bu ugurdaky işlere ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene bir ýola subut etdi.

Täze, kuwwatly desganyň merkezi edarasynda we bölümlerinde arassalanan agyz suwuny desgadan bellenen möçberde ibermek we zerurlyga görä iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütleri kabul etmek, barlaghanada suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki reagentleriň bellenen kadalara laýyklykda taýýarlanylyşyna (alýuminiý sulfaty we gipohlorid natriý erginlerini garmak) gözegçilik etmek doly awtomatlaşdyrylan görnüşde ýerine ýetirilýär. Önümçilik düzüminiň himiki-bakteriologik barlaghanasynda daşary ýurtlarda öndürilen ýokary tehnologiýaly enjamlar, şol sanda 50-den gowrak barlagy, hususan-da, suwdaky dürli himiki elementleri, suwuň gatylygyny anyklamak üçin barlaglary ýerine ýetirýän spektrofotometr enjamy ornaşdyrylypdyr. Ýaşlyk şäherçesine, Gäwers obasyna we olaryň töweregindäki ilatly ýerlere iberilýän agyz suwuny öndürýän täze desga «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylan taslamadyr.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar