Ýeňişler ýaraşýan bedewler

9 Maý 2024
275

Alym Arkadagymyz behişdi bedewleriň taryhy, seýisçilik sungatynyň tejribeleri we olar babatdaky birnäçe ylmy açyşlary özünde jemleýän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplaryny giň okyjylar köpçüligine sowgat etdi. Milli Liderimiziň ahalteke bedewleri barada tolgundyryjy hekaýatlary özünde jemleýän «Gadamy batly bedew» atly eseri bolsa Moskwada geçirilen otuzynjy halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň Baş baýragyna mynasyp boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde behişdi bedewlerimiziň türkmen durmuşyndaky orny, keşbi we waspy ylmy-çeper täzeçillikler bilen beýan edilýär.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.
Beýleki habarlar