Sanly ulgam hem-de döwrebap usullar

8 Maý 2024
306

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ylym, bilim ulgamyny döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýä tejribesinden ugur alyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, asylly ýörelgelerini öwretmek, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler depginli alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, umumybilim we ýörite orta bilim berýän mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň tertipnamasyna täze sapaklar girizilip, ýaşlaryň bilim ummanyna has-da çuňňur aralaşmaklary, dünýägaraýyşlarynyň giňemegi, pähim-parasada gol ýapan pederlerimiziň asylly ýörelgelerine, milli gymmatlyklarymyza ygrarly bolmaklary ugrunda uly işler amala aşyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim işgärleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden giňişleýin peýdalanyp, okuw sapaklaryny täze usullaryň kömegi bilen gurnaýarys. Esasan hem, sapaklarda multimediýa tehnologiýalaryna ähmiýet bermek döwrüň talaby bolup durýar. Dünýä tejribesine esaslanyp, sapaklary kämil tehnologiýalary ulanyp guramak arkaly okuwçylaryň bilimli hem başarjaň bolmaklygyny gazanmak her bir mugallymyň mukaddes borjudyr. Bu gün ýurdumyzda bilim edaralary okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen doly üpjün edilýär, ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti giňden ornaşdyrylýar, ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgylaryny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri turulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Hatyça UMIROWA,
Çärjew etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar