Gözelligiň gözbaşy

8 Maý 2024
481

Türkmen halkynyň agzybirliginiň, ruhy joşgunynyň, döredijilik ylhamynyň esasy gözbaşy milli mirasdyr. Häzirki döwürde türkmen halkynyň sungatyny düýpli öwrenmek, onuň gadymy däplerini we gymmatlyklaryny, el hünärini aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Haly önümçiligi türkmenleriň däp-dessuryna öwrülen el hünäri bolup, milli gymmatlyk, ruhy baýlygyň nyşany, zenanlarymyzyň nepis işi hem-de ussatlygy hökmünde kämilleşmegini dowam etdirýär. Olaryň iň gowy nusgalary bolsa öz halkyna şan-şöhrat getiripdir, onuň ruhunyň beýikligini we kuwwatyny görkezipdir, adamzat siwilizasiýasynyň maddy medeniýetini düýpli baýlaşdyrypdyr.

Tyllanur ATAÝEWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar