Halym — halym meniň

8 Maý 2024
737

Türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna sarpa goýmagy çagalygymyzdan ene-mamalarymyz gulagymyza guýdy. Olar haly dokamagyň, keşde çekmegiň, umuman, daş-töweregiňdäki gözellikleri döredijiligiň bilen wasp etmegiň nusgasy boldular. Ejem halyçy bolansoň, ýaşlygymdan onuň ýanynda oturyp çitim çitmegiň, darak kakmagyň inçe tärlerini öwrendim. Şeýlelikde, özbaşdak nusgalary taýýarlap, haly dokamaklyga başladym.

2023-nji ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» bäsleşiginde Magtymguly atamyzyň heýkelini şekillendirip dokan halym bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Döredijiligime berlen bu sylag meni has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrdy.

Gurbangül BEKBAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar