Baý taryhly mekan

7 Maý 2024
388

Welaýatymyzyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýär. Şonuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Änewde geçirilýän dabaralardyr duşuşyklar, maslahatlar, täsirli çäreler bu gadymy şäheriň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasymyzy öwrenmekde hem-de giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bolsa, bu ugurda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk, egsilmez hazyna bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat edildi. Ajaýyp eser gysga wagtda ulus-ilimiziň söýgüsini gazanyp, her birimiziň ýankitabymyza öwrüldi.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar