Watansöýüjiligiň belent nusgasy

6 Maý 2024
467

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň şanly baýramy bolan Ýeňiş güni egsilmez joşgun, uly dabara bilen bellenilýär. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň giň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýär, olaryň saglygyny goramak, dikeltmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Ýeňiş baýramynyň şanyna baý many-mazmunly syýasy-jemgyýetçilik, medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Asylly däbe eýerilip, ýylyň-ýylyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanyp, olara dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Mähri AŞYROWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar