Ýaponiýada 6G ulgamy synag edildi

6 Maý 2024
242

Ýapon alymlary dünýäde ilkinji ýokary tizlikli 6G ulgamyny döredip, üstünlikli synagdan geçirdiler. Bu täze ulgam maglumatlary 100 metr aralyga sekuntda 100 gigabaýt tizlik bilen geçirmäge ukyplydyr. Deňeşdirmek üçin bu 5G ulgamyndan 20 esse ýokarydyr. Başgaça aýtsak, 6G ulgamynyň kömegi bilen 5 sany HD filmini bary-ýogy 1 sekuntda geçirmek mümkin. 6G torunyň 2030-njy ýyla çenli ýola goýulmagyna garaşylýar. Tehnologiýanyň has ýokary ýygylykly diapazonlary ulanýandygy sebäpli, ulgamy ornaşdyrmak üçin tolkunlary geçirmeklige we güýçlendirmeklige niýetlenen düýbünden täze infrastrukturany döretmek zerurdyr.

Mahym ÇETIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar