Rowaçlygyň aýdyň ýoly

5 Maý 2024
302

Türkmen halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak ýaly işler sogaply hasaplanylýar. Gadymyýetde halklary we medeniýetleri biri-birine ýakynlaşdyran Beýik Ýüpek ýoly türkmen topragynyň üstünden geçipdir. Türkmen halkymyzyň gadymy şan-şöhraty bagtyýar zamanamyzda täze röwüşde, döwrebap işler bilen dabaralanýar. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň merkezi hökmünde Türkmenistan dünýäniň ýüregine hoşniýetlilik ýollaryny çekýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek arkaly berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam edýändigi ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň, beýik işleriň rowaçlanýandygynyň güwäsine öwrülýär.

Ahmet NEDIROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar