Amul – dost-doganlygyň owazy

2 Maý 2024
260

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda dünýäniň meşhur ylmy merkezleri, halkara guramalary bilen bilelikde, türkmen halkynyň gadymy taryhy, ynsanyýetiň medeni-ylmy hazynasyny baýlaşdyran medeni we ruhy gymmatlyklary, taryhy-medeni ýadygärlikleri düýpli öwrenilýär.

Munuň şeýledigine şu ýylyň 26-njy aprelinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çäginde ýerleşen we özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren Amul galasynyň dünýäniň medeni ösüşindäki ornuna we ähmiýetine bagyşlanan «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy ösüşlerini dünýä ýaýmakda, özara tejribe alyşmakda, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda forumyň ähmiýeti örän uly boldy.

Aziz HASANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar