Amul — taryhyň syrly sahypasy

1 Maý 2024
470

Geçen hepdede Türkmenabat şäherinde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat şäheriň taryhynyň öwrenilişinde täze basgançak boldy.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen şöhratly taryhymyzyň düýpli öwrenilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, gadymy Amul Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen möhüm medeni merkez bolupdyr. Amul şäheriniň 2 müň ýyldan gowrak taryhy bar. Dogrudan-da, biziň eýýamymyzdan öň 145—86-njy ýyllarda ýaşan, «hytaýly Gerodot» adyna eýe bolan Syma Sýanyň köp jiltli «Şi szi» (Taryhy ýazgylar) kitabynda Amul şäheri ilkinji gezek ýatlanylýar. Özbek alymy Ş.S.Kamaliddinowyň tassyklaýşyna görä, gadymy Hytaý çeşmelerindäki Mu şäheri Amul bolmaly.

Jepbarguly HATAMOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar