«Toyota Motor» 2023-nji maliýe ýylynda 10,3 milliondan gowrak awtoulag satdy

28 Aprel 2024
257

Ýaponiýada iň uly awtoulag öndüriji kompaniýa bolan «Toyota Motor» 2023-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň aprel aýy — 2024-nji ýylyň mart aýy) dünýädäki zawodlarynda 9,97 milliondan gowrak awtoulag çykardy, bu hem kompaniýanyň taryhynda rekord boldy. Bu barada kompaniýanyň resmi hasabatynda habar berildi.

Maglumata görä, önümçiligiň mukdary geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy.

Taýýarlan: Baýramgeldi ORAZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar