Halkara maslahat — tejribe mekdebi

26 Aprel 2024
262

Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi biz ― geljekki taryhçylar üçin diýseň ähmiýetli boldy. Dünýä döwletlerinden ozal işleri bilen tanşyp, kitaplaryny okap ýören alymlarymyzyň gelmekleri, olaryň halkara maslahatda çykyş etmekleri bolsa biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribe mekdebine öwrüldi.

Biz halkara maslahatyň mejlislerine uly höwes bilen gatnaşdyk. Edilen çykyşlaryň ählisini bir umumylyk ― Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky esasy merkezleriň biri bolan gadymy Amul galasyny has çuňňur öwrenmegiň häzirkizaman ylmynyň esasy borçlarynyň biridigi barada pikir baglanyşdyrýar. Bu wezipe bolsa, ilkinji nobatda, ýaş taryhçylaryň egnine düşýär.

Jeren AMANDURDYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň taryh fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar