Daşkentde dünýäde iň kuwwatly wodorod awtoulagy NAMI Hydrogen tanyşdyryldy

24 Aprel 2024
396

Daşkent şäherinde geçýän «Innoprom. Merkezi Aziýa» sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň NAMI Döwlet ylmy merkezi dünýäde iň kuwwatly we taryhda ilkinji wodorod awtoulagy NAMI Hydrogen bilen tanyşdyrdy.

Aurus Senat premium sedanyň binýadynda döredilen bu awtoulag özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol üç sany elektrohereketlendiriji bilen üpjün edildi. Hereketlendirijileriň biri awtoulagyň öň tarapynda, ikisi bolsa yz tarapynda ýerleşdirildi. Olaryň her biriniň kuwwaty 340 at güýjüne deň bolup, jemi 1020 at güýji sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 4 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar