Tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň kepili

23 Aprel 2024
417

Ýakynda Lebap welaýat Agrosenagat  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda «Repetek» Döwlet biosfera goraghanasynda «Tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň kepili» atly okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahatynda biosfera goraghanasynyň gözel tebigatyna gezelençler guralyp, haýwanat dünýäsine syn edildi we ylmy işgärleriň  gürrüň bermeklerinde  olar barada giňişleýin maglumatlar berildi. Okuw-maslahatynyň dowamynda çykyş edenler  «Repetek» döwlet çäkli goraghanasynyň  çäginde ýerleşen «Ýerajy» döwlet çäkli goraghanasynyň kölüniň haýwanat  we tebigat dünýäsiniň aýratynlyklary barada gyzykly, ünsi çekiji  gürrüňleri berdiler.

Şular ýaly okuw-maslahatynyň geçirilmegi şu günki ýaş nesilde ata Watanymyzyň tebigatyny goramaga  bolan  söýgini ösdürmekden ybaratdyr. Çünki daşymyzy gurşap alýan tebigatymyza aýawly garamak,  tebigy baýlyklarymyzy goramak, ýurdumyzyň ilatynyň arassa howadan dem alyp, sagdyn durmuşda ýaşamagynyň kepilidir.

Çemengül HUDAÝBERENOWA,
Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.                                    
Beýleki habarlar