Halkyň hemişelik hemrasy

23 Aprel 2024
1002

Müňýyllyklaryň dowamynda kämil derejä ýetirilen türkmeniň behişdi bedewlerini ýetişdirmek sungaty täze taryhy döwrümizde üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşleri bedew badyna deňelýär. Biziň ýurdumyzda halkymyz bilen bedewiň dostlugy asyrdan-asyra, nesilden-nesle baky dowamata öwrüldi.

Türkmen halkynyň döreden: «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen parasatly jümlesi hem bedew ata nähili uly hormat goýulýandygyny äşgär edýär. Nusgawy edebiýatymyzda bedewiň üsti Süleýmanyň tagtyna deňelýär. Bedew atyň şanyna döredilen aýdymlar kalbymyzda, hakydamyzda baky ýaşaýar, ýüregimizi hemişe joşduryp durýar. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda ahalteke bedewlerine aýratyn hormat bilen garandygynyň güwäsidir. «At — myrat» diýen paýhasly sözi döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglapdyr.

Ýeňiş NURGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar