Emeli aň tarapyndan döredilen modelleriň arasynda dünýädäki ilkinji gözellik bäsleşigi geçiriler

21 Aprel 2024
254

Onlaýn platformalaryň biri emeli aň tarapyndan döredilen modelleriň arasynda dünýädäki ilkinji gözellik bäsleşigi üçin ýüztutmalary kabul edip başlady.

Bäsleşigiň umumy baýrak gaznasy 20 müň amerikan dollary bolar. Bäsleşigiň ýeňijisi 5 müň amerikan dollar baýrak, 3 müň amerikan dollarlyk maslahat beriş programmasyny we ýene 5 müň amerikan dollarlyk PR goldawyny alar. «Forbesiň» habaryna görä, bäsleşigiň netijeleri 10-njy maýda yglan ediler.

Taýýarlan: Aýnur ORAZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar