Diller — dostluk köprüsi

19 Aprel 2024
379

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýokary derejede geçirilýän halkara olimpiadalaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň dünýäniň ylym, bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda ähmiýeti uludyr. Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleri daşary döwletleriň bilim ojaklary bilen özara hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirýär. Şunuň bilen birlikde, talyplaryň halkara bäsleşiklere gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berilýär.

Şu ýylyň 10-11-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili boýunça III halkara internet olimpiadasyna (IIOE — 2024) badalga berildi. Bu olimpiada ýurdumyzdan 1000-den gowrak talyp, dünýäniň 40 döwletiniň ýokary okuw mekdeplerinden bolsa 900 töweregi talyp gatnaşdy. Olar Russiýa Federasiýasy, Belarus, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Polşa, Tailand, Wýetnam, Gyrgyzystan, ABŞ, Hytaý, Germaniýa, Türkiýe, Ýaponiýa, Awstraliýa, Hindistan, Wengriýa, Rumyniýa, Şri-Lanka, Koreýa Respublikasy ýaly döwletleriň we ýurdumyzyň talyplarydyr.

Sona Durdyýewa.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar