Hünärli ýaşlar — döwletimiziň kuwwatly güýji

17 Aprel 2024
203

Eziz Diýarymyz ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylym-bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmegi, zähmet çekmegi, oňat dynç almagy üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdudyr. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda berkarar Watanymyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda olaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy, aň-bilim mümkinçilikleriniň, döredijilik ukyp-başarnyklarynyň ýokarlandyrylmagy üçin möhüm şertler döredilýär. Olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawy berilýär. Döwletimiziň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine halal zähmet çekmek, döwrebap bilim almak, döretmek, gurmak halkymyzyň watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän, ylym-bilimli, täze tehnologiýalardan birkemsiz baş çykarýan ýaşlarymyz üçin belent mertebedir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýip belläp geçýär. Şundanam görnüşi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň geljekki uly ösüşleri, ykdysadyýetde, ylym-bilimde we beýleki ugurlarda ýokary netijeleriň gazanylmagy ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçinem ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende göterjek ýaşlara uly ynam bildirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlarymyza aýdyň ýollarda ýeňişli menziller garaşýar.

Şeker Joraýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar