Paryzdepeden Arkadag şäherine çenli

18 Aprel 2024
969

Paryzdepe taryhy ýadygärliginden günbatarlygyna seredeniňde, ajaýyp Arkadag şäheri görünýär. Şol pursat ata-babalarymyzyň «Owal akan ýerinden akarmyş aryk» diýen jümlesi biygtyýar ýadyňa düşýär. 2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut şu topraga, şu ýadygärlige şa gadamynyň düşmegi bilen bu ýerde gadymy arheologik ýadygärlikleri düýpli öwrenmek işine badalga berlen bolsa, indi bu gadymy mekanda täze şäher — nurana binalar peýda boldy.

Paryzdepe ýadygärliginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda görkezilen taryhy maglumatlary tassyklaýan gymmatlyklaryň üstünden baryldy. 2024-nji ýylyň ýazky gazuw-barlag möwsüminde Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary ýeriň, takmynan, 7,5 metr aşagyndan, ýadygärligiň 14-15-nji we degişlilikde, 16-njy medeni gatlaklaryndan gadymy Änew medeniýetine degişli ajaýyp taryhy maglumatlary ýüze çykardylar. Ýüze çykarylan gymmatlyklar gadymy suw ulgamy bolan käriz akabasynyň köne akymynyň ugrundan tapyldy. Bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş ylmy barlaglaryň dowamynda, eneolit döwri diýlip atlandyrylýan, miladydan öňki V-IV müňýyllyklara häsiýetli, Änew I medeniýetiniň döwrüne mahsus bolan hojalykda giňden ulanylan gaplaryň bölekleri, çakmak daşdan ýasalan gurallaryň galyndylary we başga-da köp sanly tapyndylar bilen bir hatarda şol döwre mahsus ýaşaýyş jaýynyň üstünden baryldy.

Rejep JOMMYÝEW,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň gadymy we orta asyr taryhy bölüminiň uly ylmy işgäri, arheolog.
Beýleki habarlar