Ylym-bilim — bagtyň çeşmesi

17 Aprel 2024
377

Ynsan ömrüniň manysy öwrenmekden, ylym-bilim almakdan, ony amal etmekden ybaratdyr. Gadymy alym-ulamalaryň belleýşi ýaly, ylym dünýä malyndan has ýokardadyr. Ylym-bilim ynsany goraýan gymmatlykdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynda «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda amal edilýän düýpli ylym-bilim özgertmeleri ýaşlaryň oňa bolan teşneligini gandyryp, dünýä derejesinde ösen aň-düşünjeli adamlar bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek bilim işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar. Munuň üçin häzirki ajaýyp döwrümizde giň mümkinçilikler döredilýär, okatmagyň döwrebap usullary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu asylly işde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýakyn gollanma bolup durýar. Kitapda hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris. Munuň üçin kämil mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary we beýleki hünär öwredilmegi bilen bagly döwrebap ymaratlar yzygiderli gurulýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, döwrümiz ösýär, ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler, döwrebap şertler döredilýär. Bilim ojaklary häzirki zaman keşbine eýe bolýar, iň kämil, innowasion tehniki enjamlar, kompýuterler, gollanmalar bilen üpjün edilýär. Bularyň hemmesi ýaş nesilleriň bilimli, watansöýüji ynsanlar bolup kemala gelmekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir.

Laçyn SAHATOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar