Dil bilen dünýäni gezer

17 Aprel 2024
248

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ýurdumyz gün-günden ösüşlere beslenýär. Şeýle ösüşleriň biri hem ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünliklerdir. Eziz Watanymyza wepaly, il-günümize gerekli nesilleri kemala getirmek hem-de olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen gözel Diýarymyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa biziň bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär.

Ajaýyp zamanamyzda dünýäniň ylym-bilim giňişliklerinde ynamly öňe barýan döwletimizde bilim ulgamy täze mazmun bilen baýlaşdy. Şonuň bilen baglylykda, bilim babatda kämil kanunçylyk binýady hem döredildi. Täze taryhy döwürde ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmegi, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu günki gün iň täze we innowasiýalara daýanýan enjamlardan, tehnologiýalardan baş çykarýan, ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesiller kemala gelýär, olar halkara derejede geçirilýän döredijilik we zehin bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýarlar. Häzirki wagtda ýaş nesillere ýokary derejede bilim berilýär, hünär öwredilýär. Türkmenistanyň halkara taslamalaryna barha giň gerimde gatnaşmagy, döwletara hyzmatdaşlygynyň batly depginlerde ösdürilmegi, beýleki hünärler bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerine degişli Halkara olimpiadalara türkmen talyplarynyň gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Laçyn GELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar