Giň gerimli işler

17 Aprel 2024
225

Berkarar döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerine sary bedew badynda öňe barýan döwründe bilim ulgamynda zähmet çekmekligiň özi — uly bagt. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar ýaş nesillerimize dünýä hil ülňülerinde bilim-terbiýe berilmegi üçin eşretli eýýamymyzda ähli şert-mümkinçilikler döredildi. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň özleri üçin üpjün edilip berlen amatly şertlerden ýerlikli peýdalanyp, okamak, öwrenmek, bilimler dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşmak üçin yhlas-başanyklaryny gaýgyrmaýandyklaryny nygtamak bolsa, aýratyn ýakymlydyr. Çünki olar bagta barýan ýoluň bilimdedigine aýdyň göz ýetirýärler.

Häzirki wagtda bilim edaralarynyň işini «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barha ilerleýär. Ýurdumyzda ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanynyň hem soňky ýyllarda barha artýandygy, olarda okuwçylara daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilýändigi hem bellärliklidir. Zehinli ýaşlarymyzyň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlary eýelemekleri bolsa hemmämizi örän begendirýär hem-de buýsandyrýar.

Ogulgül Ýagşygeldiýewa,
Türkmenbaşy etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar