Bilimli nesil — buýsanjymyz

17 Aprel 2024
312

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyna geçmek babatdaky edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Şonuň bilen baglylykda, ulanylmaga berilýän okuw maksatnamalary we okuw kitaplary mazmun taýdan kämilleşdirilýär, okatmagyň işjeň-öwreniş usullary netijeli ornaşdyrylýar. Bu bolsa döwrümize mynasyp kämil, bilimli nesli kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýurdumyzda ýaşlar hakdaky aladalar bilim işgärlerini has-da netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Biz — bilim işgärleri ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemekde, olaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny, şeýle-de zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmakda yhlasymyzy gaýgyrmarys. Bu asylly işde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplary ýol-ýörelgämiz, baş gollanmamyz bolar.

Ogulaý AGAÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar