Açyk sapaklar geçirildi

17 Aprel 2024
271

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketini ösdürmek işleri uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly günlerinde Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep internatynda açyk sapaklary geçirildi. Onuň çäginde geçirilen sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaş türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Arslan NURMUHAMMEDOW,
Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar