Türkmenistan we Türkiýe paýtagtlaryň arasyndaky uçuşlary täzeden başlamagy meýilleşdirýär

17 Aprel 2024
300

Ilçi Ahmet Demirok Türkiýe Respublikasynyň 15-nji aprelden 22-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilýän Syýahatçylyk hepdeliginiň tanyşdyrylyş dabarasynda Ankara bilen Aşgabatyň arasynda göni uçuşlary ýola goýmak üçin ýakyn wagtda degişli işleriň ediljekdigini aýtdy. Bu barada «Turkmenportal-yň» habarçysy habar berdi.

Diplomat munuň ulag gatnaşyklaryny we iki ýurduň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi.

Beýleki habarlar