Bilimli ýaşlar — guwanjymyz

16 Aprel 2024
514

Eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemrasyna öwürmäge, sagdyn we ruhubelent bolmaga, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän oňyn mümkinçiliklerinden peýdalanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Bu günki ýaş nesiller — mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary — ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşjak raýatlar. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Bularyň ählisi ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň görkezijileridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly aýratynlygy ylym-bilim ulgamynyň has oýlanyşykly ösdürilmeginde, ykdysady kuwwatyň ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli ulanylmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagynda, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we beýleki ulgamlaryň işiniň kämilleşdirilmeginde has-da aýdyň duýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň kalbynda çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär, bagtyýar durmuşymyzyň eşretlerine buýsanyp ýaşamaga, ylym-bilim almaga, döretmäge, gurmaga egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Ogulsuraý BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar