Körpeleri tebigat bilen tanyşdyrmak

16 Aprel 2024
527

Häzirki bahar paslynyň dowam edýän günlerinde türkmen tebigaty gül-gülälege, gözellige beslenýär. Şeýle gözellik her bir ynsana ýakymly täsir edýär. Çagalar bagyna gatnaýan körpelere hem bag-bakja, güller we tebigatdaky guşlar hakynda düşünje bermek olarda tebigata söýgi döredýär. Esasan hem, 3-4 ýaşyndaky çagalaryň tebigat baradaky düşünjelerini ösdürmek üçin tebigat gözellikleriniň atlandyrylyşy hakynda beýan etmek bolýar. Çünki mekdebe çenli çagalar edaralarynda daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagy bakja toparlarynda öwredilip başlanýar. Munuň tebigat bilen bagly terbiýedigini hem belläsimiz gelýär. Çaga ir döwürden tebigatdaky ösümlikleriň atlandyrylyşyna, bu ösümlikleriň gözellik döredýändigine düşünip başlaýar. Bu, elbetde, tebigat baradaky düşünjäniň ilkinji ädimleridir. Şonuň üçin hem bu babatda sapaklary geçmek, multimedia tagtada suratlary görkezmek we düşündirmek körpelerde gyzyklanma döredýär.

3-4 ýaşyndaky çagalar maşgala agzalarynyň, öz dostlarynyň adyny doly tutmagy başarýarlar, olary ýatda saklaýarlar. Bu çagada sözleýşiň ösüp başlandygyny alamatlandyrýar. Şeýle bolansoň, sözleýşi has-da ösdürmek, tebigat bilen tanyşdyrmak terbiýeçiniň paýyna düşýär. Çagalaryň tebigat hakyndaky sözleýşiniň ösmegi diňe bir sapakda däl-de, eýsem, olar bilen gezelenç pursatlarynda hem mümkindir. Şeýle hem ýolda tebigatdaky janly-jandarlar, gören haýwanlary barada hem sowal-jogap alyşmak bolar. Muny terbiýeçi, şeýle-de ene-ata tarapyndan amala aşyryp bolar. Ene-atalaryň tebigatda gezelençde bolanlarynda, çaganyň soraglaryna jogap bermekleri aýratyn ähmiýetlidir, munuň özi çaganyň dünýägaraýşynyň, düşünjesiniň ösýändigini alamatlandyrýar.

Äşe TEKEBAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 102-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar