«Аэрофлот» gapdal ýolagçy oturgyjynda haýwanlary gatnatmak hyzmatyny ýola goýdy

16 Aprel 2024
217

Russiýanyň «Аэрофлот» döwlet-hususy awiakompaniýasy gapdal ýolagçy oturgyjynda haýwanlary gatnatmak hyzmatyny ýola goýdy.

Ýolagça gapdaldaky oturgyçda içi haýwanly ýa-da guşly bir konteýneri ýany bilen alyp gitmek rugsat berilýär. Goşmaça ýer üçin töleg uly ýaşly ýolagçy üçin ulanylýan nyrh boýunça hasaplanylýar. Içi haýwanly konteýneriň agramy 15 kg-den, gaty konteýneriň ölçegleri 50×30х30 sm-den, ýarym gaty konteýneriňki bolsa 50×32х30 sm-den geçmeli däl.

Beýleki habarlar