Ekologik abadançylyga gönükdirilen köpugurly tagallalar

16 Aprel 2024
1225

Ylmyň we tehnikanyň yzygiderli ösüşi, energiýa serişdeleriniň juda köp ulanylmagynyň täsiri ekologik abadançylygy üpjün etmekde kynçylyklary döredýär. Howa bilen bagly ýüze çykýan hadysalaryň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak meselesi dünýä döwletleriniň, halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirilmeginiň zerurdygyny aýdyň görkezýär. Çünki Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi ählumumy derejede kesgitli çözgütleri talap edýän çagyryş bolup, her bir döwletiň ykdysadyýetinden başlap, saglygy goraýyş ulgamynda, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde öňde durýan wezipelerine-de öz täsirini ýetirýär. Bu babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem adamzadyň geljegine jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly asylly maksada gönükdirilendir.

Dünýäniň ekologiýa ulgamynyň hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän halkara ylalaşyklaryň kadalarynda oňa gatnaşyjylar tebigatdan rejeli peýdalanmagyň we ony goramagyň obýektlerini (ýer-suw serişdeleri, tebigy baýlyklar, tokaýlar, ösümlik, haýwanat dünýäsi, Ýeriň atmosferasy, kosmiki giňişlik we beýlekileri) kesgitlediler. Şular bilen birlikde, döwrüň talabyna görä, köptaraply, ýagny yklymlaryň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly, sebitleýin, halkara hukuk resminamalary kabul edilýär. Ekologiýa babatda dünýäde ýüze çykan tebigy wehimleri ara alyp maslahatlaşmak, daşky gurşawy zyýanly täsirlerden goramak boýunça bilelikdäki ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak we kabul etmek maksady bilen, döwletleriň, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň teklibi esasynda köptaraplaýyn hem-de sebitleýin halkara maslahatlar geçirilýär. 1972-nji ýylyň iýunynda taryhda ilkinji gezek adamyň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça BMG-niň Stokgolm maslahatynyň guralmagy we onda ara alnyp maslahatlaşmalaryň ählumumy häsiýetde işjeň geçmegi ekologik meseleleri dünýä derejesinde çözmegiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Maslahatyň çäklerinde kabul edilen «Adamyň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça» Jarnama hem-de degişli meýilnama döwletleriň köpüsiniň ekologiýa babatda milli kanunçylygynyň binýadyny berkidip, olaryň ösüş ugurlaryny kesgitlemäge, daşky gurşawy goramak boýunça halkara şertnamalary işläp taýýarlamaga düýpli täsirini ýetirdi.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar