Üstünlikli geçen olimpiada

16 Aprel 2024
242

Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda makroykdysadyýet dersi boýunça II Açyk halkara olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 18-sinden 72 talyp, daşary ýurtlaryň 10-a golaý ýokary okuw mekdebinden bolsa 32 talyp gatnaşdy.

Olimpiada gatnaşyjylara 10 meseläni çözmek üçin 120 minut wagt berildi. Onuň netijelerine görä, 6 sany I, 11 sany II we 13 sany III orunlar kesgitlenip, jemi 30 ýeňiji sylaglandy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 3-si I, 3-si II we 7-si III orunlara mynasyp bolup, ýokary netijeleri gazandylar. Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň talyplary 2 sany I, 3 sany II, Belarus Respublikasynyň talyplary 1 sany I, 3 sany II, 1 sany III, Gazagystan Respublikasynyň talyplary 3 sany III, Täjigistan Respublikasynyň talyplary 1 sany I, Gyrgyz Respublikasynyň talyplary bolsa, 1 sany I, 2 sany II orna mynasyp bolmagy başardylar.

Merýem ŞYHYNÝAZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar