Seljuk beg

14 Aprel 2024
228

Jende gaýtmanka seljuklar musulman däldi. Täze gelen ýerinde ornaşmak üçin yslam dinine geçmegiň zerurdygyna düşünen Seljuk beg bu ýeriň musulman häkiminden özlerine bu diniň kada-kanunlaryny öwredýän ýolgörkeziji bellemegini haýyş edipdir. X asyrda 920 — 960-njy ýyllarda (bu sene takyk däldir. Seljuklaryň 915-nji ýylda (belki, 924-nji ýylda) Göktaňry dininden yslam dinine geçendigi barada hem maglumat bar) seljuklar yslam dinini kabul edipdirler (Босворт К.Э. Нашествия варваров появления тюрок в мусульманском мире. // Мусульманский мир. – М.: Наука, 1981. – С.23.). Yslam dinini kabul eden seljuklara Samanylar döwletiniň raýatyna girmäge, mal bakmak üçin öri meýdanlaryny almaga mümkinçilik döredilipdir. Seljuklaryň göçüp gelen Jent welaýatynyň aglaba bölegi oguzlaryň yslamy kabul eden çarwa taýpalaryndan ybarat bolupdyr. Oguzlar X asyryň ikinji ýarymyndan başlap, musulmançylyga geçip başlap, XI asyrda olaryň ählisi musulman boldy. Araplar musulman oguzlara musulman türkler diýen manysynda «türkmen» diýipdirler. XIII asyrda oguz ady ýitip, ýerini türkmen ady eýeläpdir.

Seljuk öz urugy bilen musulmançylygy kabul edeninden soň, Ýaňykent oguzlarynyň hökümdary Aly hana musulmanlaryň kapyrlara salgyt tölemeýändigini aýdyp, onuň salgytçysyny kowupdyr. Bu onuň musulman oguzlaryň arasyndaky abraýyny artdyrypdyr. Töweregine jemlenen gazylar bilen yslamy kabul etmedik türkleriň üstüne gaza ýörişlerini gurapdyr. Ýabgu döwleti bilen bolan gapma-garşylykda iki tarap hem üstünlik gazanyp bilmändir. Seljuk şol söweşleriň birinde uly ogly Mikaýyly ýitiripdir.

Jumamyrat Gurbangeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar