Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň innowasion ýörelgeleri

11 Aprel 2024
250

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurt dillerini bilmek, dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dillerini öwrenmek zerurlygy aýdyň ýüze çykýar. Aslynda, dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil ynsan gatnaşyklarynda iň gymmatly ygtybarly serişde bolup durýar. Dil - uly baýlyk, ynsan gatnaşyklarynyň genji-hazynasy. Ýaş nesilleriň dil innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen dil öwrenmekleri ähli üstünlikleriň özenidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutany-myzyň aladalary bilen ýurdumyzyň halkara abraýy belende galýar. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Okuw mekdepleriniň kompýuterler bilen üpjün edilmegi, internet ulgamyna birikdirilmegi üstünliklerden habar berýär. Ylmy-tehnikanyň gazananlary bilen aýakdaş gitmek döwrüň esasy talabydyr. Ýaşlar öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmek bilen gözýetimlerini giňeldýärler. Häzirki döwürde iňlis dilinini bilmek möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu dil halkara gatnaşyklarynda, syýasy, diplomatik, ylmy, lukmançylyk, bilim, medeniýet we işewürçilik ulgamlarynda öňdebaryjy orny eýeleýär.

Nurana BAÝRAMOWA
Çärjew etrabynyň 64-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy
Beýleki habarlar